TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA MINISTRLERIŇ KÖPTARAPLAÝYN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.

ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Owganystandaky häzirki ýagdaýlar we halkara jemgyýetçiliginiň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegindäki tagallalary babatda pikir alyşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapy ýakyn goňşy döwlet hökmünde, Türkmenistan üçin syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer nukdaýnazardan Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagynyň özi üçin gönüden-göni täsire we aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy hem-de durmuş ulgamynyň durnuklylygyny, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belläp geçdi.