AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MASLAHATY GEÇIRILDI

2017-ýylyň 14-nji dekabrynda paýtagtyň Arçabil myhmanhanasynda Türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny durmuşa geçirmegiň we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işjeň gatnaşyklary we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze usullary kesgitlenildi.

Maslahatyň işine Türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň we «Westport Trading Europe», «Elizarov Consulting Group», «Oxbow Sulphur», «General Electric», «John Deere», «Nicklaus Design», «Boeing», «Coca cola», «Fedex» institute of Memphis University we beýlekiler ýaly öňdebaryjy Amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, banklaryň we ylmy edaralaryň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Işewürler geňeşiniň işi üç bölümden ybarat bolup: birinji bölümiň işi ýangyç-energetika ulgamynyň häzirki zaman ösüşiniň şertlerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle-hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlandy. Ikinji bölümiň barşynda agrosenagat toplumynda barlaglaryň netijelerine we Türkmenistanyň azyk senagatynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň meselelerine seredildi. Maslahatyň üçünji bölegi bilim we syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň, netijeli gatnaşyklary ýokary derejä çykarmagyň şeýle-hem maýa goýum işini güýçlendirmegiň netijeli guralyna öwrülen şeýle işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belläp geçdiler.

ABŞ-nyň işewürleri şeýle-hem Türkmenistanyň ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary bilen iki taraplaýyn duşuşyklary geçirdiler, şol sanda ýangyç-energetika, oba hojalyk ulgamy boýunça.  Ol duşuşyklarda esasy üns geljekde özarabähbitli türkmen-amerikan gatnaşyklaryny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ýokary tehnologiki taslamalary durmuşa geçirmäge berildi.

Maslahatyň jemlerini jemläp, amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen däp bolan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmalary bellenilip geçildi.