PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: «TÜRKMENISTAN DURNUKLY ULAG ULGAMYNDA ÄHMIÝETLI, NETIJELI HEM-DE TAKYK KARARNAMALAR BILEN ÇYKYŞ EDÝÄR»

BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň barşynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ulag ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn özara hereketleriň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Aşgabat prosesiniň işe girizilmeginiň, türkmen paýtagtynda geçirilen birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetli netijeleriniň biri bolandygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, Ulagyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Ýörite sebitara maksatnamasynyň işlenilip düzülmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi.

Türkmenistan syýasy giňişlikde, ilkinji nobatda hem BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda ähmiýetli, netijeli hem-de takyk kararnamalar bilen çykyş edip gelýär, diýip döwlet Baştutany öz wideoçykyşynda nygtady.

Ösüp gelýän ýurtlara, hususan-da olaryň dünýäniň ulag proseslerine gaýtadan integrirlenmeklerine ýardam hem-de goldaw bermegiň derwaýyslygyny bellemek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň aprelinde deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatynyň geçirilmegine taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Häzirki wagtda çökgünligiň netijeleriniň azaldylmagyna, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijileriniň tiz wagtda gazanylmagyna gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli hem-de geljegi nazarda tutýan çözgütler aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan özüniň bu maksatlara we ýörelgelere ygrarlylygyny tassyklaýar hem-de olaryň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegi üçin ysnyşykly işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr, diýip Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.