HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINDE TÜRKMENISTANYŇ ÄHMIÝETLI BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýändigini belledi.

Bu ugurda Türkmenistanyň Milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça ýurduň ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýandyr. S.Berdimuhamedow: «Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi görnetin ýagdaýda peselýär», diýip aýtdy.

Howanyň üýtgemegine garşy hereketleriň gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanda milli derejede metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär. «Bu ugurda biz Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary goldaýarys hem-de oňa doly derejede mümkingadar gatnaşmak maksady bilen, onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirýäris» diýip, - Wise-premýer beýan etdi.

Özüniň milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly, Türkmenistan howanyň üýtgemeginiň bitaraplygynyň gazanylmagyna ähmiýetli goşandyny goşýar. Şunlukda, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi.

Bu ugurda S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň öz hususy serişdeleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň tehniki we maliýe goldawynyň hasabyna orta möhletli geljekde, 2030-njy ýyldan başlap bug gazlarynyň zyňylmasynyň nol ösüşini gazanmaklygy, uzak möhletli geljekde bolsa – her ýyl zyňylmalaryň ähmiýetli derejede azaldylmagyny maksat edinýändigini belläp geçdi.