TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ VIII MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy.

Nobatdaky köptaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi örän baý. Onuň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşiginiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz çykyşynda R.Meredow Geňeşe gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny bildirmek bilen, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy döwlet bolmagy babatdaky başlangyjynyň goldanylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Ministr, Türkmenistanyň özüniň bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak arkaly, halkara parahatçylygynyň, ählumumy howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň goldanmagy we berkidilmegi babatdaky tagallalaryň birleşdirilmegini Geňeşiň işine gatnaşmagynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykarýandygyny belläp geçdi.

Türkmen tarapy Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, önjeýli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly resminamalaryň işlenilip düzülmeginiň maksadalaýyklygyny beýan etdi.

Bu ugurda ykdysadyýet, senagat, energetika, ulag we ekologiya ugurlaryndaky işjeň gatnaşyklar Türki dilli döwletleriň bileleşiginiň toplumlaýyn mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça strategiki wezipeleriň biri hökmünde öňe çykaryldy.

Mundan başga-da, Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň ugurlarynyň giňeldilmegi hem teklip edildi.

Ynsanperwerlik ulgamy boýunça özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, bu ugurda medeni aragatnaşyklar, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, talyp ýaşlaryň we sport tälimçileriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar aýratyn orun tutmalydyr.

Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeligiň dowamynda ikitaraplaýyn özara hereketleriň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şonuň ýaly-da halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredilip geçildi.