DUŞANBE ŞÄHERINDE MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de Gazagystan Respublikasynyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.

Bu duşuşyk taraplara sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de sebitde durnuklylygy saklamak we ösüşi gazanmak ugrunda Merkezi Aziýa döwletleri hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bilen bagly pikirleri alyşmaga mümkinçilik berdi.

W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň, aýratyn-da onuň Jemleýji Beýannamasynyň ähmiýeti barada belledi. Ol şeýle hem sebitde BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça strategiýasynyň we Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Bu ugurda häzirki wagtda sebitiň ýurtlarynyň indiki onýyllyk üçin Bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň täzelenen taslamasynyň üstünde işleýändigi beýan edildi.

Mundan başga-da türkmen tarapynyň ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly Sebit merkeziniň başlangyjy bilen döredilen gepleşik meýdançalarynyň alyp barýan işleriniň geljekde hem öňe gitmegini hemmetaraplaýyn goldaýandygy aýdyldy.

Çykyşyny tamamlamak bilen W.Hajiýew sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň berkidilmeginiň hatyrasyna hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.

Şol gün, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory Jehangir Han bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara ulgamynyň berkidilmeginde, bu ugurda halkara tagalalaryň birleşdirilmeginde Türkmenistan bilen BMG-niň, şol sanda onuň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler.