PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda geljekde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmeklige gyzyklanma bidirildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap berýän netijeli hyzmatdaşlygy geljekde diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny belläp geçdiler.