TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna baha bermek üçin GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.  

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň depgini, şeýle-de halkara synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň aýratynlyklary babatynda pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de GDA-nyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, ynsanperwerlik ulgamynda, howpsuzlygyň üpjün edilmegi we beýleki derwaýys ugurlar babatynda döwletara hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi.