BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI TÜRKMENISTANDA KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Şu ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda “Welosiped” binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 döwlet çykyş etdi.

Türkmenistanda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Şondan bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ösüşe eýe boldy. Onuň muşdaklarynyň sany bolsa yzygiderli artýar.