RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselel...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri hem-de GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
13 Maý

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işine başlady. Dialoga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri gatnaşýarlar. «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly plenar mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, GDA gatnaşyjy ýurtlarynyň...

DOWAMY
12 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ OLIÝ MAJLISINIŇ SENATYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow MA döwletleriniň we RF Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk...

DOWAMY
12 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTANYŇ MILLI MAJLISINIŇ OLI MAJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşende şäheriniň Başlygy Rustam Emomalini kabul etdi. Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Pr...

DOWAMY
12 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ŽOGORKU KENEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowy kabul etdi. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, myhman döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdi...

DOWAMY