RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Awg

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijes...

DOWAMY
pic
13 Awg

Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. D...

DOWAMY
pic
10 Awg

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag –  Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady. Duşuşygyň barş...

DOWAMY
pic
10 Awg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbi...

DOWAMY
pic
9 Awg

Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Mej...

DOWAMY
pic
1 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandy...

DOWAMY
pic
31 Iýul

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Elizabet Rud Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetine ünsi çekdiler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugurda hyzma...

DOWAMY