SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOGA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Gepleşik wagtynda taraplar sebitleýin we global durnuklylygyň möhüm meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler, hususan-da, umumy howpsuzlyk meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý barada pikir a...
BRÝUSSELE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 16-njy maýda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Gi Lens, şeýle hem Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, sebit hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça dolandyryjy müdiri jenap Maýkl Zibert bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary g...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselel...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri hem-de GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady...
TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy....
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işine başlady. Dialoga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri gatnaşýarlar. «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly plenar mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, GDA gatnaşyjy ýurtlarynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ OLIÝ MAJLISINIŇ SENATYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow MA döwletleriniň we RF Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk...