SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gaz pudagyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler. Türkmen gazyny Eýrana we onuň üstünden üçünji ýurtlara ibermek boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda gaz hyzma...
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitara...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezi...
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkme...
Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Tükmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Çäre Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (DGÝG) edarasynda geçirilip, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini ýygnady. Duşuşyk resmi surata düşmek dabarasy we gutlag sözleri bilen başlandy, soň tematiki bölü...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...