SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler. Ýurtl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa etdiler. Saparyň ikinji gü...
BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň Guramanyň işine ýokary baha berýändigi hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzly...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 20-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet,...
TÜRKMENISTANYŇ SSE-NYŇ HEM-DE ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ-GDA-NYŇ/GRUZIÝANYŇ BIRLEŞEN SÖWDA EDARASYNYŇ ARASYNDA IŞEWÜRLIK-FORUMY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işewürlik-forumy guraldy. Türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de...
8-NJI TÜRKMEN-RUS YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralarynyň guramagynda 8-nji Türkmen-rus ykdysady forumy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Nobatdaky işewürlik duşuşygynyň gün tertibine senagat hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň eksport hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, gurluşyk önümçiligi we agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklary, sanly tehnologiýalar we logistika ýaly ulgamlar...