SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
Şu gün, 9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdiler. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ EÝRANA SAPARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, şu ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Hökümet wekiliýeti Tähran şäherine iş saparyny amala aşyrýar. Şu gün, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýet...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR
8-nji ýanwarda, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, Daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary Möwlewi Sader Azan bilen duşuşyklary gurnaldy. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ilçisine Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyna ýazan hatyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992...
TÜRKMENISTAN BILEN BSGG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY KESGITLENILDI
Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary boýunça 2022-nji ýylda yzygiderli esasda geçiriljek çäreleriň sanawyny taýýarlady. Bu resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda: Pandemiýa kes...
ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy. Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara...
SANKT-PETERBURGDA GDA-NYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI
Şu gün, 28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Duşuşygyň barşynda GDA ýurtlarynyň Liderleri gün tertibiniň wajyp meselelerini, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilen şu ýylynyň esasy netijeler...