RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Awg

DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 10-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi. Biri-birleri bilen gyzgyn salamlaşyp, taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen durmuşyň ähli pudaklaryny öz içine alýan netijeli özara hereketlerini nygtadylar.  Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy bu halkara düzümiň hemmetaralaýyn kanunylyg...

DOWAMY
10 Awg

BMG ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Geçen ýyllarda gazanylan umumy sepgitlere syn bermek, şeýle-d...

DOWAMY
6 Awg

MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY WE MEDENI UGURLAR BOÝUNÇA SERGILER

Şu gün, 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň iki günlük halkara sergisi öz işine başlady. Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabaras...

DOWAMY
6 Awg

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ BARŞYNDA GENDER SYÝASATYNY KÄMILLEŞDIRMEK BABATDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. Çäre şol gün Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirildi. Dialogyň gatnaşyjylary, ýagny Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara...

DOWAMY
6 Awg

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow  gutlag sözi bilen çykyş etdi. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyl...

DOWAMY
6 Awg

TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bu mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryn...

DOWAMY
6 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «АWAZADA» BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda sebitiň ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsa...

DOWAMY