RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY BOÝUNÇA LEKSIÝALAR

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin leksiýalar geçirildi. Leksiýalar Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň wekilleri...

DOWAMY
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmen-Britan Söwda we senagat geňeşiniň (TUКTIC) nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki we sebit derejesindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyna üns berdiler. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň aras...

DOWAMY
24 Apr

DÖM ULGAMYNDA MEÝLETIN MILLI SYNYŇ TAÝÝARLANYLMAGY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaral...

DOWAMY
24 Apr

TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR

2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...

DOWAMY
23 Apr

AŞGABATDA MHM-NIŇ «MIGRASIÝA BOÝUNÇA AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN MASKATNAMASY» TASLAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE OKUW MASLAHATY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň «Migrasiýa boýunça Aziýanyň sebitleýin maskatnamasy» taslamasynyň çäklerinde «Çökgünlik şertlerinde daşary ýurtlarda raýatlaryňy goramak» temasy boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň migrasiýa gulluklarynyň, daşary işler, içeri işler we goranmak ministrlikleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşýarlar.          Maslaha...

DOWAMY
23 Apr

TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini (oturýan ýeri Ankara ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parlamentiň Başlygy Oman Soltanlygynyň ygtyýarlandyrylan wekilini ýokary diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň we Omanyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň işjeň...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...

DOWAMY