SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS UGURLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Şöhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklarynyň dowamynda berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berildi. Şu nu...
TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taý...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝANYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...
GADYMY DESSURLARA WE KÖPASYRLYK DOSTLUKLY GATNAŞYKLARA YGRARLYLYK
2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...
PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ AŞGABAT DUŞUŞYGYNA GATNAŞYJYLAR BU FORUMYŇ GEÇIRILMEGINIŇ ÖZ WAGTYNDALYGYNY BELLÄP GEÇDILER
Parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly şu günki duşuşygynda bu forumyň derwaýys ähmiýeti nygtaldy. Şunlukda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ynanyşmagyň ykdysadyýet, ekologiýa, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda global...
AŞGABATDA PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Forumyň işine 15 ýurtdan ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa kä...
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary iş...