RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR

Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady.  Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy. Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugu...

DOWAMY
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...

DOWAMY
10 Dek

MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň M...

DOWAMY
10 Dek

GDA-NYŇ PLATFORMASYNDA YNSANPERWER HYZMATDAŞLYK GÜÝÇLENDIRILÝÄR

Şu gün, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar bu ugurda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary barada pikir we teklip alyşdylar hem-de geljek döwür üçin bilelikdäki hereketleri beýan etdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, GDA ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň biri hasapl...

DOWAMY
10 Dek

TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE ÝAKYN HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGI UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

Göni aragatnaşyk ulgamy arkaly 10-njy dekabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alşyldy. Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri "GDA-nyň çäklerinde takyk kesgitlenen ýygylyk we gün tertibi bilen özara gatnaşyklary has hem jebisleşdirmegiň zerurdygyny" belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

DOWAMY
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-A GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Özbegistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edralary...

DOWAMY
9 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi Tanyşdyrylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Russiýanyň diplomatik missiýasynyň hünärmenleri, metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professo...

DOWAMY