RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Few

TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.      Gaz...

DOWAMY
pic
23 Few

ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuş...

DOWAMY
pic
22 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET ANKARADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi. Şu gün, 23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow...

DOWAMY
pic
22 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MILLI YSLAM HEREKETI PARTIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda netijeli türkmen-owgan özara hereketleriniň gün tertibi boýunça pikirler alyşyldy. Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlarda durmuşa geçirilmegi maksady bilen, ikitar...

DOWAMY
pic
19 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde onlaýn görnüşinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar özara gyzyklanma döredýän ulgamlaryň ählisi boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine hem seredip ge...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de w...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow, gazak wekiliýetine – Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri – M.B.Tleuberdi ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň gün tertibi mazmuna baý boldy. Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ösdüril...

DOWAMY