RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi. Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-mi...

DOWAMY
pic
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASY BILEN STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň, şeýle-de söwda-ykdysady, energiýa, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, “Hormatly akademik N.F.Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiolo...

DOWAMY
pic
31 Mar

HALKARA FORUMYŇ DÖRDÜNJI SESSIÝASY “TÜRKMEN WE HINDI HALKLARYNYŇ MEDENI-TARYHY GATNAŞYKLARY: ÇUŇŇUR KÖKLER WE HÄZIRKI ZAMAN MÜMKINÇILIKLERI”

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dördünji sessiýasy “Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” tema boýunça “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde plenar mejlisi geçirildi. Mejlise dünýäniň we sebitiň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Hindistanyň, Angliýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystany...

DOWAMY
pic
31 Mar

IKINJI BÖLÜM TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATYNYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNDAKY ORNY BARADAKY BILIMI ARTDYRDY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny” atly ikinji bölümiň mejlisi geçirildi.  Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary...

DOWAMY
pic
31 Mar

TÜRKMENISTANDA «MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI» ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda göni we sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen  halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik  ýörelgeleri» atly halkara forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylylgyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýylylgyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu çäre dünýäniň 18 ýurdundan 80-ne golaý ýokary wezip...

DOWAMY
pic
30 Mar

MOSKWADA SEBITLEÝIN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN PUDAGARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.  Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulý...

DOWAMY
pic
30 Mar

TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...

DOWAMY