RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Noý

TÜRKMENISTANYŇ IRENA-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Garajaýew Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda S.Garajaýew Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde öz ynanç hatlyny gowşurdy. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şeýle hem sebit we halkara gurluşynyň çäklerinde özara konstruktiw gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we med...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTAN WE ŞWESIÝA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELERE GARADYLAR

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulg...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ SEKRETARLARYNYŇ 8-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň sekizinji duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem mejlisiň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertn...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRI GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ 35-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ХХXV mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda ýurtlaryň medeni alyş-çalyş hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri, GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Esasy çärelerini durmuşa geçirmegiň depgini bilen birlikde, medeni özaraher...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTAN ÝARAG ÝAÝRATMAZLYK WE ÝARAGSYZLANMAK PROSESSLERINI GOLDAÝAR

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen geçen wideoşekilli maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy üçin halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Howpsuzlygyň bitewi konsepsiýasynyň ilerledilmegi babatyndaky gyzyklanmasyny tassyklady.   Özüniň bitaraplyk derejesiniň çäklerinde Türkmenistan, ýarag ýaýratmazlyk we ýaragsy...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI WE BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ BAŞ DIREKTORY HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn bellediler. Bu hyzmatdaşlygyň ýüze çykýan täze wehimlere we howplara görä täze mazmuna e...

DOWAMY