SOŇKY HABARLAR
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda geçirilen Daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamil...
SÖWDA-YKDYSADY ULGAMYNDA TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSDÜRILMEGINIŇ DERWAÝYSLYGY
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VI mejlisi göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler. Şu formatda ilkinji gezek geçiri...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY BIRNÄÇE MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşyga görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berildi.
TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DEREJESINDE DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaali bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Iki ýurduň konsullyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen bir...
TÜRKMENISTANYŇ, BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natsw...
TÜRKMENISTAN BILEN SAUD ARABYSTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşukl...
FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara...