RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG, ENERGETIKA WE EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BARADA AÝTDY

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ulag we energetika pudagynyň hem-de şunuň bilen baglylykda ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berdi. Aşgabatda geçirilýän Halk maslahatynyň mejlisiniň gatnaşyjylary döwlet baştutanynyň ýurduň ulag we enerketika ugurlarynyň kämilleşdirilmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi baradaky  birnäçe möhüm garaýyşlaryny diňlediler.  Bu ugurda ek...

DOWAMY
pic
25 Sen

HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ DOWAMYNDA DURMUŞ-YKDYSADY MESELELERE SEREDILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, pandemiýanyň dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysadyýetine ýetiren täsirine garamazadan, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanandygy barada belledi. Uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet býujetiniň serişdelerini...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜÇIN SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM ULGAMLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI BARADA AÝRATYN BELLEDI

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durnukly ösüşi çygrynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi.  Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärleri höweslendirmek we COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA KONSTITUSION ÜÝTGEŞMELER GIRIZILER

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini ösdürmeklige gönükdirilen, konstitusion özgertmelere serediler. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi hem-de onuň Halk maslahaty we Mejlis atly iki palataly Parlament dörediler. Ýokarda agzalanlara degişli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň degişli resminamalary kabul ediler.

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI AŞGABATDA ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 25-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
23 Sen

ABŞ-NYŇ HALKARA ÖSÜŞ AGENTLIGINIŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili N.Nadiradze bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda N.Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi. W.Hajiýew öz gezeginde N.Nadiradzeny ABŞ-nyň...

DOWAMY
pic
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNDA EKOLOGIKI ÇÖKGÜNLIGI ÇÖZMEK ÜÇIN ÝURTLARYŇ GÜÝJÜNI BIRLEŞDIRMEKLERINI TEKLIP ETDI

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady. Bu, şu günki günde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan çözmesi ýeňil bolmadyk meseleleriň çögüdini tapmaklygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurtlaryň arasyndaky dialogy berkitmekde ýeketäk platforma bolup çykyş edýär. BMG-niň ştab-kwartirasynyň zalyndaky uly ekranlarda ilkijinleriň hatarynda Türkmeni...

DOWAMY