RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ, BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natsw...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN SAUD ARABYSTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşukl...

DOWAMY
pic
13 Okt

FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy.  Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara...

DOWAMY
pic
12 Okt

HYRAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki e...

DOWAMY
pic
9 Okt

OWGANYSTAN – TÜRKMENISTAN – AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARY ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

Aşakdaky beýannamanyň teksti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleri tarapyndan Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli neşir edildi.   Tekstiň başy   Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda telekonferensiýa görnüşinde Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatl...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertipleriniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tür...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...

DOWAMY