RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ITOCHU CORPORATION» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen «ITOCHU Corporation» ýapon kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň täze bellenen başlygy Hiroýuki Tsubai bilen duşuşyk geçirildi.   Duşuşygyň başynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyn...

DOWAMY
23 Maý

TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler. Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan Ýaponiýa...

DOWAMY
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEKLIGIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK ÇÄRELER

2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...

DOWAMY
13 Maý

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...

DOWAMY
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ EKOSOS-YŇ ÜÇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-n...

DOWAMY
10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGY MYNASYBETLI PRESS-RELIZ

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy. Türkmenistanyň bu edaralaryň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýädäki a...

DOWAMY
9 Maý

AŞGABATDA BMG-NIŇ IÝMIT WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärel...

DOWAMY