RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem...

DOWAMY
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy. Forumyň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi. Ykdysady forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnol...

DOWAMY
14 Sen

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞENBEDE DUŞUŞDYLAR

2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Oňyn häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Mer...

DOWAMY
13 Sen

DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi. Netijeli duşuşygyň dowamynda ministrler çuňňur strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gepleşikleriniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu nukdaýnazardan dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňligi aýratyn nygtaldy. Türkmen tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji...

DOWAMY
13 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag we logistika pudagy boýunça sebit mümkinçiliklerini has-da ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Tür...

DOWAMY
13 Sen

AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine bäş hazarýaka döwletiň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilýetleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hazar boýunça güntertibiniň esasy meselelerini, hususan-da ylalaşygyň taslama...

DOWAMY
12 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE WÝETNAMYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 11 sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatlaryny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz gezeginde, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny we iň gowy...

DOWAMY