RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar. Onlaýn-söhbetdeşligiň ba...

DOWAMY
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideokonferensiýa guralyp, onda Beýik Britaniýanyň «University College of London» ýokary okuw mekdebiň Arheologiýa institutynyň professory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Tim Uilýams göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatna...

DOWAMY
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZDA IŞLEÝÄN HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanda işleýän  düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen golaýda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşligine aýratyn üns berildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Ba...

DOWAMY
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝURDUMYZDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...

DOWAMY
23 Apr

LEBAP WELAÝATYNDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ilki bilen Türkmenabat şaherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary o...

DOWAMY
22 Apr

DIM-DE TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT BERIŞ DUŞUŞYGY – BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...

DOWAMY