SOŇKY HABARLAR
KABULDA TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy. 1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin z...
TÜRKMENISTANDA KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG WE HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligin...
AŞGABATDA YHÖG-NYŇ BAHA BERMESINIŇ ÇÄKLERINDE ESASY NETIJELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA IKINJI IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan» baha bermesiniň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi. Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň weki...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ADAM ÖSÜŞI BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ HASABATY BILEN TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň...
ÝB WE MERKEZI AZIÝA: ÝAŞYL GELJEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞLER ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
Žozep Borrell Fontelles, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti (HR / VP) 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Ýewropa Bileleşiginden dostlar Berlinde Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahata gatnaşarlar. Men iki sebäp boýunça bu maslahata çakylygy uly höwes bilen kabul etdim: Birinjiden, howanyň üýtgemeginiň meselesiniň çözülmeginiň neneňs...