SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORYNYŇ TAGTA ÇYKMAGY MYNASYBETLI GEÇIRILÝÄN DABARA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Döwlet Baştutanymyz «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna...
TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETI BÜTINDÜNÝÄ SUW GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi.
BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ILKINJI GEZEK BÜTINDÜNÝÄ HARBY OÝUNLARYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy. Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...
BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...
DIPLOMATLAR TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNY BERKITMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Duşuşygyň b...
AŞGABATDA ÝUNISEF-IŇ DÜNÝÄ ÇAGALARYNYŇ ÝAGDAÝY BARADAKY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy baradaky Hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2019-njy ýylda ol «Çagalar, iýmit we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş» şygary astynda jemgyýetçilige ýetirilendir. Çärä ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň hünärmenleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kä...