SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DÖWLET MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwe...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda S.Lebedew şu ýyl ýurduň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezip...
PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VI GURULTAÝYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Bu forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we b...
ŽENEWADA HZG-NYŇ 144 KONWENSIÝASYNYŇ RATIFISIRLENMEGI HAKYNDAKY RESMINAMANYŇ GOWŞURLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Ženewada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Halkara zähmet guramasynyň Konwensiýasyna, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky 144 Konwensiýasyna goşulmak hakyndaky resminamasynyň HZG-nyň Baş direktory Gaý Raýdere gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi, Hemişelik wekili Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji sessiýasynyň we HZG-nyň 100 ýyllygyn...
TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK SPECA GÜNLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY ÜÇIN ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ IÇLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Ženewadaky Bölüminiň Türkmen otagynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Dolandyryş geňeşinde we Ykdysady forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde SPECA-nyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek günleri bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Içleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady kom...
TÜRKMEN TÜRGENLERI HALKARA ÝARYŞLARYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ EDÝÄRLER
27-nji awgustdan 7-nji sentýabry aralygynda Çungju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda dünýäniň 100 döwletinden 4 müňden gowrak türgen hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndy topary gatnaşdy. Şeýlelikde, “Jiu-Jitsu” boýunça ýaryşda biziň ildeşlerimiz üç gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Weronika Rus 63 kg agram derejesinde we Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň 3-n...