SOŇKY HABARLAR
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi. Media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar. Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY ÝURT DILLERINDE NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň türk hem-de ukrain dillerinde çapdan çykan eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ähmiýetli dabara daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de hab...
AHALDAKY GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2019-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Dabara daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, syýahatçylar, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze senagat toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi mynasybet...
AHALDA GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANYLAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Ahalda gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna bagyşlanylan brifing geçirildi. Çärä ýokarda agzalan zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen ýokary derejeli myhmanlar, ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalaryň, şeýle hem halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňe...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik Partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlament dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeýiň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň başynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ «SOJITIZ EUROPE PLC.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň «Sojitiz Europe plc.» kompaniýasynyň Prezidenti Satoru Takahama bilen bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan tä...
TÜRKMENISTANDA ABŞ-NYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ABŞ-nyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitm...