SOŇKY HABARLAR
GERMANIÝADA TÜRKMEN-GERMAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetininiň Başlygynyň Orunbasary, Söwda we ykdysadyýet boýunça Türkmen-german iş toparynyň türkmen tarapyndan başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Işewürler maslahatynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy başlygy Mihael Harms hem-de Germaniyanyň degişli hökümet we hususy guramalaryň wekilleri çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GH WE GÝJHF-NYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperw...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDIP GEÇDILER
2019-njy ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...
AŞGABATDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan Halkara media-forumy geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, Hazarýaka döwletleriň halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdum...