SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady. Atçylyk-sport...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garadylar. Hususan-da, halkara guramalarynyň, ilkinji...
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýatyna ugramak üçin ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň u...
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit w...
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünlikleri...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Donald Trampyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow myhman...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejele...