SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLARYŇ WEZIPÄ TÄZE BELLENEN ILÇILERINDEN YNANÇ HATLARY KABUL EDILDI
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçileri ýurdumyzda diplomatik işine girişmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işlerinde üstünlikleri arzuw e...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ SENATYNYŇ “FRANSIÝA — MERKEZI AZIÝA” PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa - Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli sa...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz myhman bilen mähirli salamlaşyp, sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmala...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILIÝETINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, şeýle hem BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-FRANSUZ HYZMATDAŞLYGY BARADA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Senatynyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Fransiýa-Merkezi Aziýa dostluk toparynyň Başlygy Erwe Moreý bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşykda Tükmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň başynda E.Moreý bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen many mazmunly we konstruktiw häsiýetli geç...
DAŞARY ÝURTLARYŇ TÄZE BELLENEN ILÇILERINDEN YNANÇ HATLARY KABUL EDILDI
2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa daşary ýurtlaryň birnäçesiniň — Norwegiýa Patyşalygynyň, Finlýandiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Gana Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden, şeýle-de Apostol nunsiýasyndan ynanç hatlaryny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli p...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI
2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan Gün tertibiň "Parahatçylyk medeniýeti" 14-nji bölümine laýyklykda hödürlenen " 2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" atly Kararnamanyň taslamasyna seretdi. Türkmen wekiliýeti kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2021-nji ýylyň dekabrynda "Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durn...