RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Noý

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala...

DOWAMY
18 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ BEÝIK MILLET MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi.  Hormatly Prezidentim...

DOWAMY
17 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA DÜZÜMDÄKI DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 18-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygyna gatnaşdy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaş...

DOWAMY
16 Noý

TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN WE ÖZBEK HALKLARYNYŇ DOSTLUK FESTIWALYNYŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer. Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna gatnaşmak üçin Daşoguz şäherine geldi. Ir bilen festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar bu forumyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýerine - ajaýyp “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki b...

DOWAMY
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  Döwlet B...

DOWAMY
15 Noý

HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN PUDAGARA TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň baştutanlygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapdan  Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi,  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligi...

DOWAMY
15 Noý

TÜRKMENISTANDA UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri a...

DOWAMY