SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-na sapary başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar. Belli bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýe...
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistan...
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek mesel...
Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyş...
Aşgabatda SPECA hepdeliginiň çäginde Ykdysady forum öz işine başlady
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzüml...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy. Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatna...
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçirilýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Soňra “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýo...