RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri  Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Sebit he...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zayani bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleri, ykdysady we medeni hyzmatdaşly...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

Şeýle hem şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Halifa Şahin Al-Marar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy özara hereketleriň türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da söwda-ykdysady we...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OMAN SOLTANLYGYNYŇ PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid bin Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň hem-de Kataryň Hökümetleriniň arasynda Ylala...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Aýlagdaky Arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiň (AADHG) agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen duşuşygy geçir...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HHR-IŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy...

DOWAMY
7 Sen

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar. Žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň...

DOWAMY