img
ПОСОЛЬСТВО ТУРКМЕНИСТАНА
СОЕДИНЕННЫЕ ШТАТЫ АМЕРИКИ - ВАШИНГТОН
2026 год - "Независимый, постоянно нейтральный Туркменистан
— родина целеустремлённых крылатых скакунов"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Nýu-Ýorkda Hazarüsti söwda ugruna we TRIPP taslamasyna bagyşlanan çärä gatnaşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde geçirilen «Parahatçylyk arkaly abadançylyk: Hazarüsti söwda ugruna we TRIPP taslamasyna maýa goýumlar» atly çärä gatnaşdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň başlangyjy bilen guralan çärede ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili Stiw Witkoff çykyş etdi. Duşuşyga uly geňeşçi Arýe Laýtstoun ýolbaşçylyk etdi we ara alyp maslahatlaşmalary alyp bardy. Çärä ABŞ-nyň ýokary derejeli resmi adamlary, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz döwletleriniň, şeýle hem 40-dan gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak, ulag we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, hususy maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Hazarüsti söwda ugry we TRIPP taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine esasy üns berildi.

Panel mejlisinde Ilçi E. Aýdogdyýew Türkmenistanyň sebitara ulag arabaglanyşygyny ösdürmek babatdaky çemeleşmesini beýan etdi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýanyň, Hazar sebitiniň we halkara bazarlaryň arasynda üstaşyr gatnawlary hem-de söwdany ösdürmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny nygtady.