ŞWEÝSARIÝADA WELOSIPED SÜRÜJILERINIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞYUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Egl şäherinde (Şweýasariýa) Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçisiniň Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda biziň ýurdumyzyň bu uly halkara gurama bilen gatnaşyklaryny berkitmegiň meselelerine garaldy.

Hususan hem, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä welosiped güni” atly rezolýusiýasyny durmuşa geçirmekligiň meselelerine seredilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, esasy üns ýakyn ýyllarda Türkmenistanda welosiped sporty boýunça halkara ýaryşlaryny, şeýle hem welosiped sportuny ösdürmäge bagyşlanan köptaraplaýyn forumlary geçirmäge gönükdirildi.  

Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokarda agzalan Rezolýusiýasynyň üstünlikli kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Prezidentini we Türkmenistanyň Hökümetini gutlady we Milletler Birleşiginiň bu wajyp resminamasy sportuň ýokary maksatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ekologiki terbiýäni öňe sürmekde berk esas bolar diýip belläp geçdi.

Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Welosipediň halkara güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmagy meýilleşdirýändigi babatda habar berdi.

Ol Türkmenistanyň bu wajyp başlangyjyna goşulmak üçin ähli ýurtlary çagyrmak maksady bilen şol gün Welosiped sürüjileriniň halkara birleşigi tarapyndan giňden bellenilip geçiler diýip belläp geçdi.

Şeýle hem, jenap D.Lappartient geljekde Türkmenistanyň ýurtda giň möçberli sport çäreleri geçirmek boýunça pikirlerini we başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça ýardamlara taýýardygyny belledi.