ABŞ-da Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlyk assosiasiýasy açyldy
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Waşington şäherindäki “Leesburg Pike” işewürlik merkezinde Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlyk birleşiginiň (TABCA) açylyş dabarasy hem-de onuň ilkinji işewürlik forumy geçirildi.
Çärä transport-logistika, elektron söwda, maglumat tehnologiýalary, bilim, maslahat hyzmatlary, söwda, hyzmatlar we kiçi hem-de orta işewürligiň beýleki ugurlary boýunça işleýän 50-den gowrak türkmen we amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
TABCA-nyň wekilleri Birleşigiň maksatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny tanyşdyryp, onuň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin amaly platforma bolup hyzmat etjekdigini bellediler. Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň wekilleri TABCA-nyň işe başlamagy bilen gutlap, bu mehanizmiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki ähmiýetini nygtadylar.
Forumyň maksatnamasy kompaniýalaryň tanyşdyryşlaryny, B2B duşuşyklaryny, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşan türkmen-amerikan telekeçilerini sylaglamak dabarasyny öz içine aldy.