DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY

Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry.

Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly 70/197 belgili Kararnamasynda öz beýanyny tapýar. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 85-si awtordaş bolup çykyş etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan geçirilýän we Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty 2016-njy ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky çözgüt ulag ulgamynda edilýän tagallalary birleşdirmekde esasy ädim bolmagyna garaşylýar. Bu Maslahat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilen.

Maslahatyň esasy maksady Durnukly we ygtybarly ulag ulgamyny ösdürmäge, Durnukly ösüşiň Gün tertibiniň aýrylmaz we möhüm ähmiýetli ugry hökmünde halkara hyzmatdaşlygynyň anyk meseleleri boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirlen.

 

Goşmaça maglumat üçin indiki salgylara basyp bilersiň

http://globaltransportconference.gov.tm/

we

https://sustainabledevelopment.un.org/Global-Sustainable-Transport-Conference-2016