Aşgabatda Hazaryň statusy hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak baradaky iş toparynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady

2016-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak baradaky Ýörite iş toparynyň hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki 43-nji mejlisi öz işine başlady. Nobatdaky maslahata gatnaşmak üçin Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetleri ýygnanyşdylar.

Duşuşygyň maksady Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky konwensiýanyň deňziň suw-biologiki gorlary bilen baglanyşykly ugurlary dogrusynda pikir alyşmak bolup durýar.

Mejlisiň birinji gününde wekiliýetleriň baştutanlary öz döwletleriniň Hazar deňziniň hukuk statusy we deňizde hyzmatdaşlyk etmegiň dürli jähtleri hakyndaky öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesi boýunça pikir alşyldy we hazarýaka döwletleriniň ählisiniň tekliplerini öz içine alýan Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýanyň taslamasynyň dürli ugurlary babatynda özara kabul ederlikli çözgütlerini tapmak işi hem dowam etdirildi.

Ertir Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak baradaky Ýörite iş toparynyň 43-nji mejlisi öz işini dowam eder.