TÜRKMENISTAN ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ ХХ MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaklyga aýratyn üns çekildi.

S.Berdimuhamedow öz çykyşynda mejlise gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ХХ mejlisiniň başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamine mejlise gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu duşuşygyň hyzmatdaşlygy berkitjekdigine, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltjekdigine, döwletleriň her birine durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

S.Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ol energetika, ulag, söwda, maýa goýum, senagat, obasenagat, ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda türkmen döwletiniň hyzmatdaşlygynyň uly kuwwata eýedigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ulag we ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns çekdi.

Gurama tarapyndan ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryň goldanylmagynyň tutuş dünýäniň bähbidine olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Çykyşynyň ahyrynda, wise-premýer ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň aprel aýynda BMG bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi.