TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutany gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we geljekki meýilleri nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ýeňil senagatda, oba hojalygynda we gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyldy.

Iki döwletiň Baştutanlary häzirki zamanyň has derwaýys ugurlary, aýratyn-da, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelerde garaýyşlaryň gabat gelýändigini belläp, bu ugurda ýola goýulýan işjeň gatnaşyklaryň ählumumy maksatlara hem-de milli bähbitlere laýyk gelýändigini nygtadylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ylym hem-de bilim, medeniýet we sungat, sport ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýtdylar.

Döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.