TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy.

Şeýle hem jenap Suheil Al Mazrui BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirip, Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar netijelilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýar.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine uly üns berýändigi üçin myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de BAE-niň energetika we infrastruktura ministri däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyryljakdygyna, şeýle-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.