SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Se...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde “Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBE ŞÄHERINDE TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň serhetüsti hereketiniň öňüni almak maksady bilen serhetleriň howpsuzlygy boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Duşenbe şäherinde saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar. Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLDY
2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy m...