SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
Şu ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Daşkent şäherine iş sapary body. Saparyň çäklerinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň başlyklarynyň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary – Maýa goýum we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurlygy beýan edildi.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUWEÝT DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri, Kuweýt Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasser Al Mohammed Al Sabah bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselel...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Sebit he...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zayani bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleri, ykdysady we medeni hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
Şeýle hem şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Halifa Şahin Al-Marar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy özara hereketleriň türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da söwda-ykdysady we...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OMAN SOLTANLYGYNYŇ PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid bin Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň hem-de Kataryň Hökümetleriniň arasynda Ylala...