SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň...
TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI
5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we tele...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ş...
RUMYNIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözl...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VII GURULTAÝYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň ö...