RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna baha bermek üçin GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.   Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12...

DOWAMY
27 Few

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna gör...

DOWAMY
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi.  Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan s...

DOWAMY
26 Few

“TÜRKMENISTANY TEMMÄKIDEN AZAT ÝURDA ÖWÜRMEK BOÝUNÇA 2022-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MAKSATNAMASYNYŇ” KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda paýtagtymyzyň “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, A...

DOWAMY
26 Few

TÜRKMENISTAN BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokary döwlet derejesindäki özara ynanyşykly syýasy dialogyň esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň depginine kanagatlanma bilen ýokary baha berdiler. Iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi be...

DOWAMY
25 Few

«GURLUŞLAÝYN DIALOGYŇ» ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi. Interaktiw gepleşikl...

DOWAMY
24 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE “TÜRKMENISTAN - ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony...

DOWAMY